2020-nji ýylda Türkmenistanyň we Kanadanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi $ 17,8 million.

Kanadanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky söwda mukdary 17,8 million dollar boldy. Bu bardaky habary arzuw.news habar portaly trend.az habar saýtyna salgylanmak bilen ýetirýär.

Degişli döwürde Kanadanyň harytlarynyň eksporty 5,4 million ABŞ-nyň dollaryna ýetip, türkmen harytlarynyň importy bolsa 12,5 million Amerikan dollaryna barabar boldy.

Habar saýtynda bellenilmegine görä, Kanadadan getirilýän ähli önümleriň ep-esli bölegi (70,6%) ätiýaçlyk şaýlaryna, senagat enjamlaryna we Türkmenistana iberilýän maşynlara degişlidir. Türkmenistandan getirilýän harytlaryň aglaba bölegi bolsa, himiýa önümleri, senagat önümleri we plastmassa önümleridir.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň we Kanadanyň diplomatik wekilhanalarynyň arasynda duşuşygyň geçirilendigini bellemek gerek, şol döwürde taraplar daşky gurşaw, bilim, söwda we ykdysady ugurlar, suw diplomatiýasy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

HYDYROW Döwran
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we
menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok