Watan harmanyna – galla akymy dowam edýär

Ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem şu günler bugdaýyň köpçülikleýin oragy ýaýbaňlanýar. Orak möwsüminde 507 sany kombaýn möwsüm üçin hereket edýär. Bu kombaýnlar 350 gektara golaý meýdanyň hasylyny ýygnarlar. Bu bolsa dünýä boýunça oba hojalyk tehnikasyny öndürijileriň häzirki zaman enjamlarynyň öndürijilik ukybyna laýyk gelýär. Oňat tehniki üpjünçilik, berk bejergi bazasy ýygymyň ýokary depginde geçjekdigini kesgitleýär. Gallaçylary saldamly başlary däneleriniň dökülmegine ýol bermän, tizden-tiz ýygmaga sebitde ornaşan gurak, yssy howa-da gyssaýar.

Galla oragy başlamazdan öň, ekin meýdanlaryna 2,5 müňden gowrak awtomobil çekildi. Awtomobilleri eglemezlik üçin, kabul ediş nokatlarynda hasyly kabul etmek üçin zerur bolan ähli desgalar taýýarlandy. Galla hasylyny kabul etmek üçin welaýatda 45-den gowrak kabul ediş nokatlary hereket edýär.

Welaýatyň 170 gektara barabar bolan galla meýdany bu ýyl bugdaýyň ýerli, Ýolöten seleksiýa sorty bilen Krasnodar sortunyň arasynda bölündi.  Şu ýyl Murgap jülgesiniň gallaçylary 445 müň tonnadan az bolmadyk azyklyk bugdaý ýygmakçy, şeýle etmek bilen-de, diňe bir welaýatyň ilatyny öz öndüren gallasy bilen üpjün etmän, eýsem, döwlet harmanlaryny-da doldurmagy niýet edinýärler.

Döwletnazar ANNAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok