GARAŞSYZLYK – DÖWLETLI DERGÄH

     Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherini düýpli özgertmek, abadanlaşdyrmak döwletimiziň baş maksatnamasyna öwrüldi. Şonuň netijesinde hem, ýurdumyzyň merkezi şäheriniň gurluşygynyň depgini ýylsaýyn artýar. Paýtagtymyzyň gurluşygynda milli binagärlik däpleri dikeldilip, bu işler dünýä binagärlik sungatynyň gazananlary bilen utgaşykly alnyp barylýar.

     Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyrylýan şu ýylynyň bütindünýä jemgyýetçiliginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip, ýurdumyzda bolsa «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, parahatçylyk we ynanyşmak döwlet Garaşsyzlygynyň mizemez berk binýadydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda BMG-e agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynyň taryhy ähmiýetde dabaralandyryljakdygyny bütindünýä jemgyýetçiligine şol günlerden aýan etdi.

     Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Türkmenistan özüniň maliýe-ykdysady giňişliginiň açyklygyna, dünýä ölçeglerine  laýyk gelýän maliýe-bank ulgamyna, ulaglar we aragatnaşyk serişdeleri babatdaky  kärhanadyr desgalaryna dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna üstünlikli  goşulyşmak, özüniň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň artykmaçlyklaryny durmuşa  geçirmek üçin örän möhüm şertler hökmünde garaýar. Munuň özi bolsa  ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň kuwwatlanmagynyň berk  binýadydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, milli Liderimiziň oýlanyşykly daşary  ykdysady syýasaty diňe rowaçlyklara beslenýär.

Döwlet ÇARWAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok