“GARAŞSYZ, BITARAP TÜRKMENISTANYM!” Güýçmyrat DURDYMYRADOW

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna

GARAŞSYZ, BITARAP TÜRKMENISTANYM!

Goja toprak geldi otuz ýaşyna,
Garaşsyz Watanym – Türkmenistanym!
Barlygyňda – gaýgy gonmaz başyma,
Garaşsyz Watanym – Türkmenistanym!

Ýeke däldir, goşa nyşanly egniň,
Men saňa Görogly başymy egdim,
Millet bolup, – päk adyňa sygyndym:
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Zähmetden şan tapan halkym a:tlydyr,
Arkadagy bilen şan-şöhratlydyr,
Şir-peleň sypatly, bedew batlydyr,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Halkyň rysgalydyr nebitiň-gazyň,
Täzeçe ýaňlanýar aýdymyň-sazyň,
Dünýä doldy toý-baýramly owazyň,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Tuguňy bezeýär haly gölleriň,
Kalbyň giňişligi – deňiz-kölleriň,
Dostluk ýörelgesi – ýüpek ýollaryň,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Rahatlyk baýdagy belent goluňda,
Dostluk höküm sürýär sagy-soluňda,
Söýgim miras – gyzlarymda, oglumda,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym!

Güýçmyrat DURDYMYRADOW,
D.Azady adyndaky
TMDDI-niň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok