Daşary ýurtda galan Türkmen raýatlarynyň pasportlarynyň möhleti uzaldylar

Koronawirus pandemiýasy ýa-da başga bir sebäplere görä daşary ýurtda galan Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň möhleti Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda uzaldylar.

Resmi metbugatda çap edilen «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary:

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda

  1. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 120-nji madda; 2017 ý., № 1, 20-nji we 39-njy maddalar, № 2, 81-nji madda, № 4, 136-njy madda; 2018 ý., № 2, 57-nji madda; 2019 ý., № 4, 78-nji madda; 2020 ý., № 3, 53-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmäni girizmeli:

29-njy maddanyň altynjy böleginiň dördünji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: «Daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan raýatlarynyň, özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gidip bilmeýän halatlarynda Türkmenistanyň, olaryň hereket ediş möhletleri tamamlanan ýa-da pasportlarynyň hereket ediş möhletleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda uzaldylyp bilner.»;

42-nji maddanyň üçünji böleginde:

birinji tesimde «degişli häkimlikler tarapyndan» diýen sözlerden soň «fiziki we ýuridik şahslaryň ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde ýüztutmalary we olaryň ýanyna goşulýan resminamalary esasynda» diýen sözleri goşmaly;

birinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Bellige alnan raýatlara migrasiýa gullugynyň edaralary we häkimlikler tarapyndan ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde bellige alyş şahadatnamalary berilýär.».

  1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok