Ekologiýa syýasaty durnukly ösüşiň möhüm ugry

Tebigaty goramak, onuň milli tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ýurdumyzda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär. Tebigatda sazlaşykly gatnaşyklary emele getirýän daşky gurşaw, tebigat gözelliklerine aýawly çemeleşilmegini şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan, eziz Watanymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biride ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.

Türkmenistanda däbe öwrülen bag ekmek çärelerine indi, ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda badalga berilýär. Bu aýlarda ýurdumyzyň Aşgabat şäherinde we welaýatlarynda ýaşajyk bag nahallarynyň millionlarçasy ekilýär we olaryň idegi alnyp barylýar.

Diýarymyzda  adam eli bilen döredilýän ajaýyp tokaý zolaklarynyň köpeldilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň biologik köpdürlilik, çölleşmä garşy göreşmek we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly konwensiýalarynyň maksatlary bilen sazlaşýar. 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatynda Gün tertibi tassyklandy.

Ýurdumyz halkara bileleşiginiň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen, durnukly ösüşi gazanmagyň maksatlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşdy we durnukly ösüşiň ähli 17 sany maksadyny resmi taýdan kabul eden  hem-de olary özüniň milli meýilnamalaryna we durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýalaryna uýgunlaşdyran ilkinji döwletleriň biri boldy. Kabul edilen Durnukly ösüşiň maksadynyň 6-njysy arassa suw we arassaçylyk, 13-njisi howanyň üýtgemegine garşy göreş, 15-njisi gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak bolup durýandygyny we bular babatynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmagy bilen, Durnukly ösüşiň maksatlarynyň ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Daşky gurşawy goramakda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan işler bimöçberdir. Bu ugurlarda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksadynyň biri hem halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzdan netijeli peýdalanmakdan we  sebit hem-de halkara derejede ekologiýa babatyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Diana Jumaýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok