Daşky gurşawy goramak edaralarynyň işgärleri üçin treningler geçirildi

Ýakynda, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Köpetdag goraghanasynyň binýadynda aýratyn goragly tebigy çäklerde bioköpdürlüligiň monitoringi boýunça treningleri geçirildi. Bu geçirilen trening Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi (TOH we DGGM) Mihael Zukkowyň Tebigaty goramak gaznasynyň (MSF, Germaniýa) «Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy» (CADI/КАДИ) bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy. Bu taslama Türkmenistanyň biologik köpdürlüligini saklap galmaga we çölleriniň ekoulgamlarynyň işleýşini ösdürmäge ýardam etmegi maksat edinýär.

CADI/КАДИ taslamasynyň durmuşa geçirilmegi goralýan ýerleriň her birine aňryçäk derejede uýgunlaşdyrylan ylmy barlaglary we monitoring geçirmegiň umumy usulýeti bilen tanyşlygy talap edýär. Treninge Türkmenistanyň goraghanalarynyň 9-synyň ylmy bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Köpetdag we Bereketli Garagum döwlet tebigy goraghanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

GUWANÇ BAÝRYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok