Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Bütin dünýäde inçe meseleleriň biri hem ekologiýa. Zawod-fabrikleriň, awtomobilleriň, uçarlaryň sanynyň köpelmegi howadaky kömürturşy gazynyň, kükürt dioksidiniň kadadan ýokarlanmagyna, şol sebäpli “parnik” effektiniň döremegine getirýär. “Parik” effekti ýer şarynyň temperaturasynyň gyzmagyna, buzlaryň eremegine, her dürli betbagtçylyklara eltýär. Daşky gurşawy goramak her bir ynsanyň borjy. Her bir ynsan öz ýaşaýan ýeriniň abadançylygyna üns bermeli. Halkara gatnaşyklarynda şu meseleleri göz öňünde tutup “Halkara daşky gurşawy goramak güni” edip iýul aýynyň 5-ni bellendi.

         1972-nji ýylyň 15-nji dekabrnda Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasynda rezolýusiýa kabul edildi. Şeýle hem şol sessiýada BMG-de täze gurama – BMG-niň daşky gurşaw boýunça programmasy döredildi. Bu rezolýusiýada BMG döwletler her ýylyň 5-nji iýulynda daşky gurşawy goramagyň bähbidine medeni çäreleri geçirmegi ündeýär.

         Biziň ýurdumyzda daşky gurşawyň abadançylygyny saklamak babatda ummansyz kän işleri amala aşyrlýar. Ýurdumyzda onlarça million agaç ekildi. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda goşmaça 30 million düýp bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär. Ekin meýdanlarynyň hasylynyň ýokary hilli, bol bolmagy üçin toprakdaky ýurdumyzyň zeý suwlaryny jemleýän Altyn asyr Türkmen köli gazyldy. Raýatlarymyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň kämil, wagtlaryny hoş geçirip dynç almagy üçin Awaza milli syýahatçylyk zolagy gurulyp ulanylmaga berildi.

.

Dänäýew Allaberdi,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok