Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde buhgalterçilik hasaba alnyşy okuw dersinden bilimleri bermek, edara-kärhanalarda buhgalterleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri guramak hem-de hereket edýän okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, ýöriteleşdirilen halkara we milli guramalar bilen buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy babatyndaky işleri guramak hemişelik häsiýete eýe boldy.
Bu ugurdaky gurnalýan okuw maslahatlaryna ministrlikleriň, pudak-edaralarynyň hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň yzygiderli gatnaşmagy bolsa, göz öňünde tutulan işleriň möhüm hil netijesini üpjün etdi.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlary hem buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy bilen bagly gurnalýan okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar hem-de okuw maksatnamalaryna laýyklykda institutyň talyp ýaşlaryna, ýagny ýurumyzyň gelejekki ykdysadyýetçilerine bu ugurlar boýunça okuw sapaklary giňişleýin öwredilýär.
Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy ulgamyndaky resminamalar ilkinji hasaba alyş resminamalaryndan, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrlerinden hem-de maliýe hasabatlylygyndan ybarat bolup durýar. Ilkinji hasaba alyş resminamalary, bu buhgalterçilik hasaba alnyşy ýöredýän, ykdysady subýektiň ykdysady işiniň netijesiniň kagyz görnüşindäki ýa-da elektron göterijisindäki şaýatnamasydyr. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrleri, bu hasaba almak üçin kabul edilen ilkinji hasaba alyş resminamalarynda bar bolan maglumatlaryň buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynda beýan edilmegi üçin ulgamlaşdyrylmagy, umumylaşdyrylmagy we toplanylmagy üçin görnüşlerdir. Maliýe hasabatlylygy, bu ykdysady subýektiň hasabat senesindäki maliýe ýagdaýy, onuň hasabat döwründäki işiniň maliýe netijesi, maliýe ýagdaýyndaky üýtgeşmeler we pul serişdeleriniň hereketi hakynda maglumatlardyr.
Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ulgamynyň maksady, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegi we tabşyrylmagy üçin maglumat çeşmesini üpjün etmek bolup durýar.
Buhgalterçilik hasaba alnyşyny guramaklyk işi, edara-kärhanalar döredilen wagtyndan başlap, ýapylýan pursatyna çenli buhgalterçilik hasaba alnyşy ulgamyny kabul edilen hasaba alyş syýasatyna laýyklykda alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ösen döwrebap tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň hem-de halkara tejribeleriň milli ykdysadyýetimize has içgin ornaşdyrylýan wagtynda kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady strategiýasynyň subutnamasydyr.
Güljan Ataýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy
Teswirler