“Ata Watan Eserleri” bäsleşik yglan etdi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryny yglan etdi. Bäsleşik www.sanlyhyzmat.com we www.makulsozluk.com saýtlarynyň hemaýat bermeginde geçirilýär. Bäsleşige ýurdumyzda “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň öňdebaryjy ugurlaryny giňden ornaşdyrmak babatynda alnyp barylýan işleri wagyz etmek maksady bilen sanly ulgam, sanly ulgamyň ykdysadyýete goşandy, sanly ulgamyň adam durmuşyndaky täsirleri, sanly ulgamyň adalgalary barada has içgin we täsirli taýýarlanan makalalar kabul edilýär.

Bäsleşigiň möhleti:Bäsleşige ugradylan eserler 01.06.2021 senesinden kabul edilip başlanýar.

Hödürlenen eserler 15.06.2021 senesinden başlap  www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna ýerleşdirilip başlar.

Bäsleşige hödürlenen eserler 31.08.2021 senesine çenli kabul ediler.

Bäsleşigiň jemleri 25.09.2021 senesinde jemlener.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň iberen eserleri “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda  we www.sanlyhyzmat.com saýtlarynda ýerleşdiriler.
  •  Bäsleşige iberelen eserler “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary tarapyndan seredilip, diňe bäsleşigiň şertlerine leýyk gelýän işler agzalan saýtlarda ýerleşdiriler.
  • Bäsleşige hödürlenýän eserler türkmen dilinde bolup, oňa isleg bildirýän islendik ýaşly raýat gatnaşyp biler.
  • Hödürlenýän eserler WORD görnüşinde atawataneserleri@gmail.com elektron salgysyna “Ata Watan Eserleri bäsleşigine hödürlenýär” belligi bilen iberilmeli. Awtorlar bäsleşige ýazan işlerine degişli suratlary hem iberip bilerler.
  • Bäsleşige hödürlenen eserleriň awtory özi barada maglumatlary(ady, familiýasy; öý salgysy, telefon belgisi, bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri) takyk görkezmelidir. Awtoryň hödürlejek eserleri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr.
  • Hödürlenen eserler emin agzalarynyň 50 göterim, www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty tarapyndan okalan sany (20 göterim), www.sanlyhyzmat.com saýty tarapynda okalan sany ( 20göterim ) hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky (@atavatanturkmen) “halanan” sany (10 göterim) boýunça ýeňijiler kesgitleniler. 

Bäsleşigiň ýeňijilerine şu baýraklar garaşýar:

   Bäsleşik şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýändigi sebäpli 30 sany baýrak bar.

  • 1-nji orun : 3000 Manat
  • 2-nji orun : 2500 Manat
  • 3-nji orun : 2000 Manat
  • 4-nji orun : 1500 Manat
  • 5-nji orun : 1000 Manat
  • 6 – 30 njy orunlaryň her birine 300 Manat.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok