29.05.2021 senesinde Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ussat halyçy zenanlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde öz beýanyny tapýar. Şunda, ýagny halyçylyk pudagynyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinde zähmetsöýer halyçy gelin-gyzlarymyzyň goşandy uludyr.
Zenanlarymyz bu senedi sungat derejesine ýetiripdir, onda söýgi, mähir duýgulary birigipdir. Şeýdip ene-mamalarymyz öz nesline ýitip gitmejek genji-hazynasyny — halyçylyk hünärini baky miras goýupdyrlar. Hormatly Prezidentimiz halyçy gelin-gyzlarymyzyň zähmeti barada: «Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris» diýip, örän jaýdar belleýär. Dogrudanam, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ussat halyçy zenanlaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.
Toý gününde göwünleri galkynan halyçylar milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga, ene-mamalarymyzdan galan däp-dessurlary mynasyp dowam etdirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin milli Liderimize sagbolsun aýdýarlar.
Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler