Hormatly Prezidentimiziň “Bilimli nesil – kuwwatly Watan” diýen pähimli sözlerinden ugur alyp talyp ýaşlar watanymyzyň geljegi üçin kän zähmet çekip, kän kitap okamalydyrlar. Gadymdan bäri türkmen halky hemişe ylym-bilimiň gözleginde bolupdyrlar. Magtymguly atamyz Idrisbaba, Şirgazy, Gögeldaş medreselerde bilimini artdyryp has hem kämilleşipdir.
XIX-XX asyrlaryň sepgidinde Türkmenistanda ylymly-bilimli adamlar çagalary hat-sowatly, bilimli etmegiň aladasyny edipdirler. 1908-1910-njy ýyllarda diňe Zakaspiý oblastyndaky 557 dini mekdepde 9560, 83 medresede 911 adam okapdyr. Metjit-medreselerde Gurhandan we beýleki arap dilindäki kitaplardan okamagy, ýazmagy, ýat tutmagy öwredipdirler.
IX-XII asyrlarda Merw ylmyň we medeniýetiň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. Görnükli türkmen alymlary bolan görnükli tebip Abu Aly ibn Sina, dünýä belli matematik Muhammetibn Musa al-Horezmi, öz döwrüniň güýçli astronomy Abu Reýhan Biruny, pelsepeçi şahyr Abdulkasym Firdöwsi, dünýäde meşhurlyk gazanan rubagyçy Omar Haýýam we beýleki ençeme alymlar dünýäniň ylym-bilim gaznasyna bahasyna ýetip bolmajak goşantlaryny goşupdyrlar.
Türkmenistanyň taryhynyň haýsy pursadyna göz salsaň-da türkmen iliniň ylym ugrundaky ymtylyşlaryny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilimi ösdürmek boýunça etýän tagallalary hemişe rowaç alsyn! Goý türkmen iliniň arasynda adamlaryň aňynda hemişe ýatlanyp durjak alym-filosoflaryň ýene-de mundan hem köpelsin!
.
Hudaýnazarowa Mylaýym
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI koreý dili mugallymy
Teswirler