Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz barha gülleýär, günsaýyn ösüşlere beslenýär. Şu ösüşleriň aňyrsynda halkyň bähbidi bar. Hormatly Prezidentimiziň sport babatda alyp barýan syýasaty türkmen ýaşlarynyň sagdyn we ruhubelent bolup ýetişmeklerinde uly orun eýeleýär.
3-nji iýul Halkara welosiped güni ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýär. Bu gün ýurdumyzda talyplaryň gatnaşmagynda welosiped ýörişleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özi bu gün welosiped ýörişine hem gatnaşmagy, Ýurdumyzda sportuň welotrek görnüşi boýunça geçirilýän dünýä çempionatynyň Ata-Watanymyzda geçirilýändigi hem Türkmenistanda Arkadagymyzyň sporta şeýle hem welosiped sportuna goýýan sarpasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Sagdyn durmuş — ýagty geljek. Durmuşdaky esasy maksadymyz bagtly, aladasyz, şat bolup ýaşamak. Bizi şol arzuwymyza gowuşdyrjak ýeke-täk zat — sagdynlyk. Dünýä meşhur lukmanlaryň belleýşine görä, her gün irden ylgamak, welosiped sürmek, arassa howadan dem alyp maşklary ýerine ýetirmek, şol günümizi has ýeňil ýagny, ruhubelent, ýadawsyz, çakgan bolup geçirmegimize ýardam berýär.
.
Babaýew Atamyrat,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler