Garaşsyzlyk – bagtdan paý, Arşdan serpaý

Eziz Watanymyz halkymyzyň milli buýsanjy, türkmen halkynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň synmaz esasy bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlamaga barýar. Ykbalyň ynsana eçilýän her bir bagtly pursatlary ýaly Garaşsyzlygyň miweleri-de ösýär, özgerýär. Muny biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni başdan geçirýän ata Watanymyzyň bu günki ösüşinde, ýeten belent sepgitlerinde görýäris.

Taryhy nukdaýnazardan uzak bolmadyk döwürde ýurdumyz türkmenistanlylaryň ruhubelent we tutanýerli zähmeti netijesinde asyrlara  barabar ýoly geçdi. Ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, ýurdumyz dünýäniň kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi.

Bir zady bellemek gerek, diňe öz öňünde beýik maksatlar goýup ýaşaýan döwlet taryh sahypalarynda öçmejek yz galdyrýar. Bu gün ata Watanymyzyň ösüşini ýene-de beýgeltmek ugrunda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady hem halkyň bähbitlerini üpjün etmäge, olaryň parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilenligi bilen üns bererlikdir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň keremli nazaryndan nurlanan türkmen topragy bu gün jenneti mekana, bagy-bossanly ýurda öwrüldi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nurly şuglasynyň astynda bu gün türkmen ykbaly gül açýar.

Garaşsyzlyk – bagtdan paýly, Arşdan serpaýly türkmeniň buýsanjy. Garaşsyzlyk – bagtyň çüwmesi, ganat ýaýmasy. Garaşsyzlygymyzyň tyllaýy säherinden başlanýan toýdur baýramlara beslenýän bagtyýar, şatlykly günlerimiz biri-birine zynjyr kimin sepleşip, her bir türkmenistanlyny bagtly geljege ynamly alyp barýar. Bagt ýollaryndan batly gadamlar bilen öňe barýan türkmeniň ykbaly soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerdi.

Atajan MYLKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok