Türkmenistana bolan gyzyklanma artýar

Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly subýetki bolmak bilen dünýä döwletleriniň içinde parahatsöýüji daşary syýasaty bilen giňden tanalýar. 31-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” Döwletara teleradio kompaniýasyna interwýu bermegi dünýä döwletleri tarapyndan ýurdumyza bolan uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň “Mir” Döwletara teleradio kompaniýasynyň başlygy R.Batyrşyn bilen söhbetdeş bolmagy ikitarap üçin hem jogapkärçiligi talap edýär. Ýagny, döwlet baştutany bilen söhbetdeş bolmak žurnalistden syýasy ussatlygy talap edýän bolsa, hormatly Prezidentimiziň awtorlyk hukukly beren interwýusy halkara gatnaşyklaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan döwlet Lideridigini aýdyň subut etmek bilen bir hatarda, özara ynamy dikeltmekde halkara gatnaşyklarynda her bir meselä içgin garaýandygyny ussatlyk bilen görkezdi.

Bu syýasy wakanyň taryhy ähmiýeti hakynda 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda  professor mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda okuw tejribe sapagy geçirildi.  Hormatly Prezidentimiziň “Mir” Döwletara teleradio kompaniýasyna interwýu bermegi nazary we amaly taýdan nusgalyk bolmak bilen bir hatarda,  türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bilim alýan halkaraçy hünärmenlere daşary syýasat ugruny öwrenmekde görelde mekdebi bolup durýar. Okuw sapagynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri Amangeldi Rahmanow, Begenç Karaýew, Sapar Berdinyýazowlar türkmen we rus dillerinde çykyş edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, daşary syýasatda diplomatik gullugyň işini guramakda daşary syýasy habar beriş serişdeleriniň orny  barada belläp geçdiler. Tejribe sapagynyň ahyrynda halypa diplomatlar bilen talyp ýaşlaryň arasynda sorag-jogap alyşmak arkaly ýaş hünärmenlere halypa maslahatlary berildi.  

Döwletnazarowa Hatyja
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetininiň II ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok