Sanly ulgam – ykdysady nazarýet

Häzirki döwrüň jemgyýetçiligi, sanly tehnologiýalar bilen bagly üýtgeşmeleri başdan geçirýär. Internetiň ýüze çykmagy bilen sanlaşdyrmak düşünjesi örän çalt depginde ösüp başlady. Bu bolsa täze innowasion tehnologiýa önümleriniň netijesinde täze bir dünýäniň emele gelmegini üpjün etdi.

Sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiň düzüminde amala aşyrylýan maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýän ykdysady ösüşiň täze çemeleşmelerini gözlemegiň we ulanylman duran mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň çäklerini giňeldýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi, bu ugurda ädilen nobatdaky ädimleriň biri boldy.

Kabul edilen Konsepsiýada innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, ýurdumyzda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi  we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam edýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyny we yzygiderli esasda kämilleşdirilmegini hem-de ösdürilmegini göz öňünde tutulýar. Şoňa laýyklykda, bilim we ylym ulgamlarynyň ösüşini tizleşdirmegiň, ýokary tehnologiýalaryň hem-de innowasion tejribeleriň netijelerine daýanmagyň ähmiýeti barha ýokarlanýar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda täze hünärler – elektron täjirçiligi, elektron işewürligiň ykdysadyýeti we sanly ykdysadyýet hünärleriniň açylmagy we bu ugurlar boýunça bilimleriň berilmegi uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Netijede, talyp ýaşlara sanly ykdysadyýetiň maksatlaryna, wezipelerine, ondan ugur alyp, döwletimiziň geljegi üçin ösüş maksatlaryna giňişleýin göz ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Sanly ulgam – ykdysady nazarýet, sanly bilim, sanly ylym, sanly ykdysadyýet ýaly düşünjeliň giňden ulanylmagy we durmuşa ornaşdyrylmagy döwrüň talabydyr. Sebäbi, sanly ulgam umumy düşünjäni aňlatmak bilen, ilki ykdysady nazarýet bilimden başlanýar, soňra sanly ylmyň ylmy taýdan esaslandyrylmagy we esaslandyrylan ylmyň netijelerini bosa, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine ornaşdyrylmagy onuň ahyrky oňyn netijelerini üpjün edýär. Şu nukdaýnazaryndan bolsa, sanly ykdysadyýet häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň has möhüm bölegine öwrülýär.

Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmeginiň binýatlyk esasy bolsa, döwlet dolandyrylyşynyň, maliýe ulgamynyň, lomaý we bölek söwdanyň, jemagat, şahsy we durmuş hyzmatlarynyň ösmegi bilen baglydyr.

Sanly ykdysadyýet jemgyýetiň ähli gatlaklaryny öz içine alýar. Netijede, sanly ykdysadyýet  ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün edýär.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, ykdysady nazarýet bilimleriň berilmegi hem-de ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary döwrebap, gelejegi nazarlaýan strategik ugurdyr.

Şeýle, işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän hem-de döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jennet Annamuhammedowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok