Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan hem-de Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Türkmenistanda aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan çagalara uly üns berilýär. Bu babatda Aşgabat şäherindäki Sagaldyş okuw-terbiýeçilik toplumyny anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli onda terbiýelenýänlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Ynsanperwerlik çäresine bu gaznanyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili gatnaşdylar.

Soňra dabaralar paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde dowam etdi. Şanly waka mynasybetli bu ýerde terbiýelenýänler aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Çagalar ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin döredilýän ajaýyp şertler üçin çäksiz hoşallygyny beýan etdiler, mähriban topragymyzda höküm sürýän parahatçylygy hem-de rowaçlygy wasp etdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Döwletliler köşgündäki çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän ugurdaş mekdep-internatda hem baýramçylyk çäresi geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan olara ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy mekdep-internatda terbiýelenýänler üçin şatlykly we ýatdan çykmajak pursatlar boldy.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, şeýle dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol syýasat bolsa mähriban halkymyzyň köpasyrlyk ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan deňhukukly jemgyýeti döretmäge gönükdirilendir.

Dünýägözel Artykowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok