Auditorçylyky işi – maliýe ýagdaýa analiz geçirmegiň kämil guraly

Auditorçylyk işi – maliýe ýagdaýa analiz geçirmegiň kämil guraly bolmak bilen, maliýe hasabatlylygynda bar bolan maglumatlaryň ygtybarlylygynyň we dolulygynyň derejesiniň hereket edýän kanunçylyga laýyk gelýändigini kesgitlemekdir.

Auditor barlagy – barlagyň maksady bolup durýan soraglar boýunça garaşsyz pikiri beýan etmek maksady bilen, auditor, auditorçylyk guramasy tarapyndan ykdysadyýetiň subýektiniň maliýe – hojalyk işine geçirilýän barlag işi bolup durýar.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hojalyk subýektleri üçin auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň görnüşini özbaşdak auditorlar hem-de auditorçylyk guramalary tarapyndan ýagny, maliýe hasabatlylygyny düzmekligi, maliýe hasabatlylygynyň seljerilmegi  we maslahatlaryň berilmegi ýaly hyzmatlary ýerine ýetirip bilýärler. Auditiň geçirilmegi we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

 Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyklara laýyklykda, auditorçylyk işiniň ugurlary boýunça hyzmatlaryň her bir görnüşi  üçin aýratyn şertnama baglaşylýar. Şertnamanyň şertinde şertnamanyň predmeti we onuň ýerine ýetiriliş möhletleri, hyzmatlaryň töleginiň möçberi we şertleri, taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi,  maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň saklanylmagy we başga düýpli şertler göz öňünde tutulmalydyr.    

Auditorçylyk guramalary baglaşylan şertnamalaryň hasabyny ýöretmäge borçlydyrlar. Auditorçylyk işiniň esasy ýörelgeleri bolup, olar garaşsyzlyk,  obýektiwlilik, hünär taýdan başarjaňlyk, ýaşyrynlyk we dogruçyllyk degişlidir.

Auditorlaryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin dalaşgär fiziki şahslaryň hünär synagy bardyr. Auditorçylyk işi bilen meşgullanmak isleýän fiziki şahslaryň degişli bilimleriniň, olaryň auditor hünärine bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini barlamak, şeýle-de auditorlaryň hünär derejesini tassyklamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem “Audit okuw merkezi” döwrebap döredilen gysga wagtly tölegli okuw merkezidir. Bu okuwda auditorçylyk, reýeltorçylyk işine isleg bildirýän we bu ugurlarda işlerini alyp barýan hünärmenleriň özleriniň bilim derejelerini ýokarlandyrmak isleýänlere tölegli bilimler berilýär we alan bilimleri üçin ýörite şahadatnamalar gowşurylýar.

Auditorlar tarapyndan ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hojalyk subýektleriniň barlanylýan obýektleri babatynda hakyky we takyk maglumatlary bermek, auditiň baş maksatlarynyň biri bolmak bilen, ol auditorçylyk işiniň esasy ýörelgelerinden ugur almalydyrlar. Bu maksada ýetmek üçin, her bir auditor hünärine jogapkärli çemeleşýän, ýurdumyzda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylýan döwründe, sanly programa üpjünçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak iş ukyby bolan hem-de auditor barlagynyň maglumatlarynyň esasynda oýlanşykly çözgüt kabul edip bilýän bolmalydyrlar.

Häzirki zaman döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalarynyň  milli ykdysadyýetimizde has içgin ornaşdyrylýan wagtynda kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň uzakmöhletleýin strategik ykdysady ösüşiniň we ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyny şertlendirýär.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda  ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

Serdar Döwletow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň mugallymy 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok