Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy. Aşgabat köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir. 1948-nji ýylyň ýertitremesinden soňra şäherimiz düýbünden täzeden dikeldildi.
“Elbetde, geljekde-de her maşgalany aýratyn jaý bilen üpjün etmek maksatlarymyzdan ugur alyp, ýaşaýyş jaý gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etdireris” diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz oňaýly, amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň baş maksatdygyny mälim edýär. Soňky ýyllarda bolsa Aziýanyň merjeni Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlary gökükdirilýär, şäherimiziň çäkleri has-da giňeldilýär. Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli desgalary gurmak hem-de binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz – berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgady boldy.Täze kitap paýtagtymyz baradaky taryhy maglumatlara baýlygy, buýsançlylygy, çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar.Täze eserde Aşgabat parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşmeýilliligiň, ýürekdeşligiň şäheri bolup dabaralanýar. Bu gymmatly kitap paýtagtymyz baradaky bagtyýarlyk we buýsanç senasydyr. Bu eseri okap, milli Liderimiziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň.
Kitap 6 bölümden ybarat bolup, “Göwni açygyň ýoly açyk” diýen bölümde “Ak şäherimiziň nurana ýollary”, “Şäheriň aşagyndaky şäher”, “Suw — ähli ýerde hem ýaşaýşyň çeşmesi”, “Energiýa üpjünçiligi — ähli zadyň sakasy” atly bölümçeler bar. Kitabyň “Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar” atly ikinji bölüminde milli Liderimiz «ak arzuwlar», «ak şäher» söz düzümleriniň manysyny düşündirmek arkaly halkymyzyň gowy niýet tutunmak hakyndaky ynamyny beýan edýär.
“Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni” diýen bölüm bolsa “Oňat ýaşamagyň ilkinji şerti — oňaýly, döwrebap öýler”, “Röwşen geljegiň binýady”, “Medeni hazynanyň jemlenen şäheri”, “Saglyk: ýaşaýşyň amatlylygynyň esasy şerti”, “Sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri”, “Aşgabat — halkara hyzmatdaşlyk merkezi”, “Binagärligiň täze nusgasy” atly bölümçeleri özünde jemleýär. Olarda getirilen maglumatlar döwrebap şäherimizi ösdürmegiň ugurlarynyň her biri hakyndaky bilimleri baýlaşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň “Binagärligiň täze nusgasy” atly bölümçesinde: «Biziň Aşgabady ösdürmek bilen bagly amala aşyrýan işlerimize halkara derejesinde hem ýokary bahar berilýär. Meniň bu aýdanlarymy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna Aşgabat bilen baglanşykly rekordlaryň, täsinlikleriň 11-siniň girizilendigi hem şaýatlyk edýändir. Elbetde, ýurdumyz boýunça alanyňda, bu san has hem köp.Olaryň ählisi hem halkymyzyň guwanjydyr, buýsanjydyr.Ýöne şu işiň dowamynda diňe paýtagtymyz bilen bagly 11 sany täsinlige aýratyn orun bermegi makul bildim.Olaryň ählisi hem 2000-nji ýyldan soň bu meşhur kitaba girizildi» diýip belledi.
Gurbannazarow Arslan
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy
Teswirler