Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaralandyrylýar. Hut şu ýyl özüniň 140 ýyllyk senesini bellän ak mermerli paýtagtymyzda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisi, “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara maslahat, söwda toplumynyň sergisi guraldy.

Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisi hem-de “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara maslahat geçirilip, onda türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki ösüş ýollary baradaky çykyşlar diňlenildi. Bu ýerde halkymyzyň halyçylyk sungatynyň binýadyny kemala getirýän durmuş pelsepesi, baý medeni-taryhy tejribesi açylyp görkezilýän beýleki ugurlar barada giňişleýin gürrüň edildi.

Forumyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynda el halylaryny dokamagyň ösüşiniň taryhyny öwrenmek, dünýä halklarynyň amaly-haşam sungatynyň özara baglanyşygy we olary baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri öz içine alýan wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlar guraldy.

Oňa Russiýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň muzeýleriniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, alymlar, sungaty öwrenijiler, işewürler, amaly-haşam sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar.

Türkmen halylary dünýäde ägirt uly çeperçilik gymmaty we nepisligi bilen hemişe ýokary baha mynasyp bolýar. Bu halylaryň gadymy nusgalary dünýäniň köp ýurtlarynyň muzeýleriniň, sergi zallarynyň, çeperçilik edaralarynyň bahasyz gymmatlyklary hasaplanylýar.

Jennet Rozyýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok