“Ruhabat dokma toplumynyň” düzüminde 3 fabrika işleýär

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli köpugurly sergi geçirildi. Bu sergi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Söwda-senagat edarasy, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurnamagy tarapyndan geçirildi. Serginiň maksady – dürli önümleriň we eksport harytlarynyň hasabyna Türkmenistanyň söwda toplumynyň gazananlaryny hödürlemekden ybarat. Bu giň mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen telekeçileri bolsa dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli hem-de amatly harytlarynyň birnäçesiniň önümçiligini ýola goýup, eziz Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ine, şeýle kärhanalaryň biri hökmünde “Ruhabat dokma toplumy” görkezmek bolar. “Ruhabat dokma toplumy” Türkmenistanyň dokma pudagyna degişli bolup, ol Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine girýär. Toplumyň düzümine 3 sany fabrika girýär. 1-nji tapgyr nah ýüpligi we poliester bilen garylan ýüplügi öndürmek boýunça Egriji fabrika. Ol 2010-njy ýylyň oktýabrynda işe girizildi. 2-nji tapgyr nah we garyşyk ýüplügi öndürmek boýunça Dokma we Boýag fabrikleri hereket edýär. Olar 2012-nji ýylyň oktýabrynda işe girizildi. Soňky iki fabrigiň açylmagy netijesinde Ruhabat Dokma toplumy emele geldi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň öňünde goýulan maksatlaryna ýetmek üçin, toplum dünýäde iň täze döwrebap enjamlar bilen emjamlaşdyrylan. Toplumda jemi 1200 adam zähmet çekýär. Bu Dokma topumda ştapeller (Poplin, gabardin, flanel, atlas panam we ş.m ), ýorgan-ýassygyň daşyna geýdirilýän daşlyklar, ýaglyklar, saçaklar, namazlyklar öndürilýär. Dokma toplumynda öndürilýän önümleriň ähli görnüşlerini Russiýa Federasiýasyna, Ukraina, Eýran we Türkiýe ýaly ýurtlara eksport edilýär. Dokma toplumyň işledilmegi üçin bolsa himikatlar, boýaglar we ätiýaçlyk şaýlary Ýewropa ýurtlaryndan, Türkiýe, Hytaý we Eýrandan getirilýär. Dokma toplumynyň boýag fabrikasynda öndürilýän önüm Türkmenistanyň içerki bazarlarynda satylýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Ruhabat dokma toplumy ýurdumyzyň, megerem, ähli ýaşaýjylary tarapyndan isleg bildirilýän matalaryň dürli görnüşini öndürýär. Toplumyň hödürleýän ähli harytlary uly meşhurlyga eýedir.

Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok