“Konseratoriýanyň zehinleri” atly bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň professional bilim derejesini ýokarlandyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny baýlaşdyrmak hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen 2021-nji ýylyň maý aýynyň 26-31-i aralygynda konserwatoriýanyň 1-5 ýyl talyplarynyň arasynda “Konserwatoriýanyň zehinleri” atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik iki tapgyrda, “Türkmen sazy”, “Halk saz gurallary”, “Bagşy”, “Ýekelikde aýdym aýtmak”, “Kirişli saz gurallary”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Estrada sungaty”, “Fortepiano”, “Dirižýorlyk etmek”, “Sazşynaslyk”, “Kompozisiýa”, “Saz mugallymçylygy” ugurlary boýunça geçirildi. Birinji tapgyrda bäsleşige jemi 150 talyp gatnaşyp, olar Düzgünnama esasynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. “Konserwatoriýanyň zehinleri” atly bäsleşigiň eminler toparynyň ses bermekleri bilen birinji tapgyrda üstünlikli çykyş eden 92 talyp ikinji tapgyrda özleriniň hünär taýýarlygyny görkezmäge hukuk gazandylar. Bäsleşigiň her ugruna aýratyn eminler topary tarapyndan adalatly bahalar berilip, ýeňijiler Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

“Konserwatoriýanyň zehinleri” atly bäsleşigiň “Fortepiano” ugry boýunça 1-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň 3-nji ýyl talyby Anna Ataýewa, 2-nji ýyl talyby Merjen Amanowa, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäri boýunça 1-nji orna 3-nji ýyl talyby Şirhan Batyrow, 2-nji ýyl talyby Myrat Annamyradow, “Kirişli saz gurallary” ugry boýunça 2-nji orna 3-nji ýyl talyby Gözel Matkerimowa, “Kompozisiýa” ugry boýunça 1-nji orna 4-nji ýyl talyby Ogulgerek Halylowa dagy mynasyp boldular.

“Sazşynaslyk” hünäri boýunça 1-nji orny 4-nji ýyl talyp Gülzada Guldurdyýewa, “Hor dirižýorlygy” hünäri boýunça 2-nji orny 4-nji ýyl talyp Göwher Hannaýewa,  “Saz mugallymçylygy” ugry boýunça 1-nji orny 1-nji ýyl talyp Jepbar Saýlakow, “Halk saz gurallary (akkordeon)” hünäri boýunça 2-nji orny 4-nji ýyl talyp Mekan Batyrow, 5-nji ýyl talyp Altyn Beknepesowa dagy eýelemegi başardylar.

“Halk saz gurallary (kirişli saz gurallary)” hünäri boýunça 4-nji ýyl talyp Baýramgül Amangeldiýewa 1-nji, “Aýdym sungaty” hünäri boýunça 4-nji ýyl talyp Göwher Kakabaýewa 1-nji, “Estrada sungaty (aýdym aýtmak)” hünäri boýunça 5-nji ýyl talyp Leýli Mämmedowa 1-nji, “Estrada sungaty (saz gurallarda ýerine ýetirmek)” hünäri boýunça 3-nji ýyl talyp Yhlas Sopyýew 1-nji, “Türkmen sazy” ugry boýunça 2-nji ýyl talyp Jumageldi Alyýew 2-nji, 1-nji ýyl talyp Täçmuhammet Durdymyradow 2-nji orunlary eýeläp, öňe saýlanmagy başardylar.

Gülzada Guldurdyýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok