Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli köpugurly sergi gurnaldy. Bu sergide haly önümleri, elde taýýarlanan dürli täsinje zatlar, başgada Türkmenistanda öndürliýän önümler ýer aldy. Gyzykly geçen serginiň dowamynda siz üçin ýörite söhbetdeşlikler taýýarladyk. Indi bolsa şol söhbetdeşlikleri size ýetirýäris:
Markow kofesiniň iş gurnaýjysy Nazarow Ýazgeldi:
1990-nji ýylda Türkmenistanda öz işiniň ilkinji basgançagyny goýan Toýly hojalyk jemgyýetiniň düzüminde 2019-nji ýylda açylan Markow kofe häzirki wagtda 20-den gowrak kofýanyň görnüşlerini halkymyza ýetirýär. Dünýäniň 7-den gowrak döwleti bilen hyzmatdaşlyk edýän Markow kofe öz çig mallaryny esasan kofýanyň mekany hasaplanýan Braziliýa, Wetnam, Efiýopiýa we şuňa meňzeş ýurtlardan getirýär. Häzirki wagtda 60-dan gowrak adamyny iş bilen üpjün edýän Markow kofe geljekde öz işini has-da giňeltmegi göz öňünde tuýar. Nesip bolsa öňümizdäki günlerde GDA döwletlerine taýýar kofe önümlerini eksport etmäge başlamagy düşünýäris. Şeýle ýagdaýda kärhanamyzda 200-den gowrak iş orunlary döredip bileris. Müşderilerimiziň isleglerini ganagatlandyrmak baş maksadymyz bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjegine önümlerimzi ýetirýäris.
Söhbetdeşligi ýazga geçirenler:
Laçyn RAHMANOWA, Gülruh ATABAÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary
Teswirler
minnetdar