2021-nji ýylyň 30-31-nji maýynda türkmen halysynyň güni, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy şeýle-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda köpugurly sergi geçirildi. Bu sergä ýurdumyzyň senagat pudaklary, hususy telekeçiler gatnaşdylar. Geçirilen sergiden taýýarlanan söhbetdeşlikleri size ýetirýäris.
Paýtagtymyzyň iri söwda merkezleriniň köpüsinde biz “Halk market” ýazga duş gelýäris. Bu hususy kärhananyň döreýiş taryhy bilen gyzyklananymyzda onuň hünärmeni bize şeýle gürrüň berdi:
– “Halk marketiň” taryhyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” atly söwda merkeziniň taryhy bilen baglanyşdyrsak has ýerlikli bolar. Biz esasan ýerli telekeçilerimizden “Balam” konditer önümleri kärhanasy we “Balhan” doňdurylan önümler kärhanasy bilen işleşýäris. Biziň söwda nokatlarymyzda ýerleşdirilen harytlaryň 50 göterimden gowragyny daşary ýurtlardan getirilen harytlar düzýär. Häzirki wagtda biziň paýtagtymyz Aşgabatda 6 nokatda, şeýle-de Lebap welaýatynda we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde bölümlerimiz hereket edýär. Geljekde ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda öz iş nokatlarymyzy açmagy meýilleşdirýäris.
Söhbetdeşligi ýazga geçiren:
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler