Türkmen halysynyň güni, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy şeýle-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli 30-31-nji maýynda Söwda-senagat edarasynda gurnalan köpugurly sergä gatnaşan ýene bir hususy kärhana “Balam” konditer önümleri kärhanasydyr.
Balam” konditer önümleri kärhanasynyň hünärmeni Jennet Hydyrowa bilen gurnan söhbetdeşligimizde ol bize bu hususy kärhana barada köp atlary gürrüň berdi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda bellenişi ýaly, bu kärhana 2016-njy ýylyň noýabr aýynda esaslandyryldy. Ilkibaşda önümçilik işine tortuň 5 sany görnüşini öndürmek bilen girişen “Balam” häzirki wagtda önümçiligini iki ugur boýunça gatlakly we konditer önümleri görnüşinde alnyp barylýar. Hususy kärhanada şu günlerde 140-a golaý konditer önümleri, 80-e golaý bolsa gatlakly önümleriniň görnüşleri öndürilýär.
Hususy kärhananyň ýolbaşçysynyň gürrüň bermegine görä, kärhana geljekde hem özüniň halkyň göwnünden turýan harytlarynyň sanyny has giňeltjekdigini belledi. Şeýle-de “Balamyň” geçginli harytlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ak bazarlaryny bezeýär.
Söhbetdeşligi ýazga geçiren:
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler