Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli köpugurly sergi geçirildi. Sergini Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady. Biz hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary bolup bu sergä gatnaşdyk we türkmen telekeçileriniň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk.
Begenç Çäşemow – “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory:
-Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda telekeçilik bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda dürli görnüşli kärhanalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem şolaryň biri. Bu kärhana 2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berildi. Germaniýanyň we Belgiýanyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada öndürilýän haly we haly önümleriniň esasy çig maly bolan polipropilen Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Kärhana gysga wagtyň içinde özüniň öndürýän önümleriniň hilini ýokarlandyrmagy, mukdaryny artdyrmagy şeýle hem iş orunlaryň sanyny artdyrmagy başardy. Şeýlelikde kärhanada 650-den gowrak işgär zähmet çekýär. Kärhanamyzyň öndürýän önümleri häzirki wagtda Özbegistan, Gazagystan, Owganystan, Azerbeýjan we Türkiýe döwletlerine eksport edilýär. Kärhananyň önümlerini gelejekde Ýewropa ýurtlaryna hem eksport etmek maksat edilýär.
Söhbetdeş bolan:
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler