Ussat halyçylara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda we halyçylyk sungatyny ösdürmäge goşant goşan aşakdaky raýatlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakyldy:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussahana halyçysy Ogulbaýram Taganmyradowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussahana halyçysy Güljemal Annamyradowna Gyllyýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Amanjahan Ataýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Aýbölek Ýolamanowna Babaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Ogjan Orazmämmedowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Hurma Annagylyjowna Töräýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Rozgül Hoşwagtowna Mähremowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Lälegül Rozyýewna Ýazowa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji haly önümhanasynyň halyçysy Ogulkeýik Joraýewna Goçewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji haly önümhanasynyň halyçysy Sonagül Jumadurdyýewna Jumaýewa;

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasynyň halyçysy Gurbangül Joraýewna Kuliýewa.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok