Özbegistanyň Gahrymany şahyr Abdylla Arypowyň saýlanan eserleri türkmen dilinde neşir edildi. Şahyryň dogduk diýary bolan Kaşgaderýa oblastynda türkmen diline neşir edilen eserleriň tanyşydyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabara Özbegistan Respublikasynyň Ministriler Kabinetiniň ýanyndaky halkara we daşary ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklary baradaky Komitetiň, Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň, Kaşgaderýa oblastynyň ýolbaşçylygynyň wekilleri, talyplar we HBS-niň işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň ahyrynda Özbegistanyň Gahrymany şahyr Abdylla Arypowyň ýadygärligine gül desselerini goýuldy.
Şahyr Abdylla Arypowyň şygyrlarynyň türkmen diline geçirilmegi köküni gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösmegine şeýlem hem goňşy halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkemegine uly goşant goşar.
Teswirler