Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2017-2021-nji ýyllar boýunça ýurt hyzmatlaşlyk strategiýasynyň çäklerinde bu bankyň 2019-2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan boýunça işewürlik meýilnamasyna laýyklykda, döwlet maýa goýumlaryny dolandyrmak babatynda tehniki kömek taslamasy hem amala aşyrylýar.
Geljekki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetine 229,3 millliard manatdan gowrak maýa goýumlary goýlar. Şeýle uly möçberdäki maýa goýum serişdeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetini, önümçilik pudaklarynyň, kärhanalarynyň ösmegine has uly ýardam eder. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmagyna getirýär.
Ýurdumyzda maýa goýumlaryň artmagynyň kämilleşmegi netijesinde jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýändigini belläp geçsek bolar, bu görkeziji multiplikatiw häsiýete eýedir. Bu täsir belli bir pudaga goýlan maýa goýum netijesinde şol pudagyň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär.
Eger serişdeleriň maýa goýuma gönükdirilýän pudaklarynda esasy gaznanyň önüm berijiliginiň, zähmet öndürijiliginiň ösüş depgini maýa goýumlaryň ösüş depginleriniň görkezijilerinden ýokary bolsa, onda oňaýly multiplikatiw täsiri görüp bolar.
Arslan Gurbannazarow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy
Teswirler