Buharestde türkmen halylary sergilendi

Ýetip gelýän Türkmen halysynyň baýramyna we Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite çäre Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýinde, Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasynyň goldawy bilen geçirildi. Çärä Runyniýanyň DIM-iň, diplomatik toparlaryň, jemgyýetçiligiň we ylmy toparlaryň wekilleri, şeýle hem Buharestde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Sergä gatnaşýan myhmanlaryň öňünde öňünde Rumyn daýhançylygynyň Milli muzeýiniň baş direktory Wirjiu-Stefan Nitulesku, Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň kätibiniň orunbasary Kostel-Kristian Lazar dagy çykyş etdiler. Olar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümligini bellemek bilen, türkmen milli haly sungatynyň taryhy, geçmişi we geljegi barada gyzykly gürrüň berdiler.

Bulardan başga-da sergide Rumyn daýhançylygynyň Milli muzeýinde türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleri, ýurdumyzyň däp-dessurlaryny, taryhyny, medeniýetini we tebigatyny beýan edýän fotosuratlar, dokalan özboluşly türkmen halylary we halyçalar, milli geýimleriň we nagyşlaryň nusgalary, halk saz gurallar görkezildi.

Dünýägözel TUWAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok