Aşgabadyň 140 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan medeni çäre geçirildi

28-nji maýda Moskwa şäherindäki Aleksandr Solžinisyn adyndaky merkezi öýünde Aşgabadyň 140 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Bu medeni çäre Moskwadaky Türkmen medeniýeti jemgyýeti tarapyndan gurnaldy.

Bu çäre türkmen halkynyň özboluşly däp-dessuryna, medeniýetine, taryhyna we häzirki döwürde gazananlaryna bagyşlanan surat sergisi bilen açyldy.

Baýramçylyk konserti Moskwa şäherindäki Nury Halmämmedow adyndaky Halkara sungat festiwalynyň goldawy bilen guraldy. Konsertde M.I.Glinka adyndaky wokalçylaryň halkara bäsleşiginiň laureaty Batyr Alyýew, Russiýanyň at gazanan artisti, Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” halkara bäsleşiginiň baş emini, häzirki zaman kompozitorlaryň birnäçe eserini skripka üçin täzeden işlän Leonar Dmiterko, “Dutaryň owazy” bäsleşiginiň laureaty – “Arpejio” skripkaçylar ansambly gatnaşdy.

Özboluşly öwüşginli we depginli ritmli Türkmen tanslaryny türkmen talyplarynyň döreden “Garagum” folklor ansambly görkezdi. Çäräniň dowamynda sahnada Magtymguly Pyragynyň birnäçe şygyrlary okaldy.


Azatgül DURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok