Türkmen halysy – gadymy we müdümi sungat

Döwürleriň dürli synaglaryndan geçip, biziň şu günlerimize ýetip gelen we mundan beýläk hem müdümilik dowam etjek, gözellik nusgasy hökmünde ykrar edilen sungatyň biride türkmeniň haly sungatydyr.

Ene – mamalarymyzdan miras galan türkmeniň haly sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda uly belentliklere göterildi. Türkmen halkynyň haly sungatyna bolan hormaty, nepisden-nepis inçelik bilen dokalan el hünäri bolan gözüňi, dokundyrýan owadan halylaryna bolan sarpasy belentdir, bakydyr.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallary bilen, halyçylyk sungaty ösdürilýär, gelin-gyzlarymyzyň ezber çeken halal zähmetine mynasyp baha berilýär hem-de täzeçillik öwüşgünleri girizilip, halyçylyk sungaty yzygiderli dowam etdirilýär. Şeýle hem, bu milli halyçylyk sungatynyň geljekki nesillere dowamat-dowam bolmagy üçin, halyçylyk ugrundan ýörite okuwlar okadylýar, täze döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan binalar gurulýar.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda toýy toýlanjak “Türkmen halysynyň baýramy” gününiň öňýanynda  Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinde Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň täze döwrebap binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem, mähriban Arkadagymyzyň bu baýramçylyk mynasybetli türkmen halyçylaryna toý sowgady boldy.   

Dünýä meşhur türkmen halylarynyň milli sungat hökmünde dowam etdirilmegi ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza yhlas bilen siňdiren el hünärlerine goýulýan uly hormatdyr, belent sarpadyr. Sebäbi, türkmen halylary mukaddes öý-ojaklarymyzyň, toý-baýramlarymyzyň bezegidir, ruhy dünýämiziň tükeniksiz baýlygydyr.

Milli buýsançlarymyzyň birine öwrülen türkmen halylarynyň gözelligi, nepisligi, inçeligi dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolmak bilen, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem, turkmen halkynyň bu milli haly sungatynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolandygyna buýsandyrýar.

Goý, özüniň milli gymmatlylygy bilen dünýä tanadýan gadymy we müdümi owadan meşhur türkmen halylary geljekki nesillerimize dowamat-dowam bolsun!   

Şemşat Kiçigulowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok