Ekologiýa abadançylygy – bagtyýar durmuşyň kepili

Tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygy döwletimizde amala aşyrylýan ähli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň özeninde durýar. Tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, ýer-suw serişdeleri netijeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmäge garşy göreşmek, biodürlüligi aýap saklamak babatda möhüm işler alnyp barylýar. Garagum sährasynda Altyn Asyr Türkmen kölüniň döredilmegi diňe ýurdumyzyň flora we faunasyna däl-de, tutuş Aziýa sebitiniň ekologiýasyna täsir edýär. Ýüze çykýan ekologiki meseleleriň halkara hyzmatdaşlyk esasynda çözülmegi, bu ugurda döwletleriň jebisleşmegi möhüm görkezijidir. 1972-nji ýylyň iýun aýynyň 5-6-synda Stokgolmda geçirilen konferensiýada daşky gurşawyň meselelerine degişli bolan Jarnama kabul edildi. Ol möhüm Jarnamada ekologiki ýörelgeleriň 26-sy kesgitlenýär. Şondan bäri hem her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni halkara derejesinde bellenilýär.

Belli bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz hem 1995-nji ýyldan bäri BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň (ÝUNEP) agzasy bolmak bilen, ekologiýa gatnaşyklarynda öz işjeňligini saklaýar. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygynyň, Aral deňziniň halas edilmegi boýunça meselelerde işjeň ekologiýa diplomatiýasy alnyp barylýar.

Tebigat – biziň ählimizi jemläp bilýän ýeke-täk öýümizdir. Ony aýap saklamak, netijeli çemeleşmek – biziň rahat hem-de abadan ýaşaýşymyzyň kepilidir. Ýurdumyzda bu ugurda köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň giň gerimde alnyp barylmagy bolsa ekologiýa abadançylygyny emele getirýär. Üstümizdäki ýylda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 mln düýp agaç nahallaryny ekmek baradaky karary hem möhüm ähmiýetli başlangyçdyr. Çünki bag ekmek – arassa atmosfera howasynyň hem çeşmesidir. Bag – bu bolçulykdyr, zähmetdir, ekologiýadyr. Bag ekmek – ýaş nesiller üçin ähmiýetli terbiýedir. Bu babatda Milli Tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän ähmiýetli özgertmeleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Daşky dünýämizi gurşap alýan hem-de oňa bezeg berýän baglar, deňizdir-derýalar, çeşme-çaýlar, dagdyr-dereler, janly-jandarlar adamyň goragyna, idegine mätäçdir. Onuň üçin raýatlaryň, aýratyn hem ýaş nesilde ekologiki medeniýetliligi kemala getirmek hem-de ösdürmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek baradaky düşünjeleri terbiýelemek zerur bolup durýar. Şeýle-de tebigatyň goraglylygyna berilýän ünsi güýçlendirmek we üpjün etmek möhüm wezipeleriň biridir.

Bagtyýar hem-de gujur-gaýratly türkmen halkynyň sahylygyna, päk ahlaklylygyna, giň göwünliligine çalym edýän gözel tebigatymyzyň gadyryny bilmek, oňa aýawly çemeleşmek, alnyp barylýan işlere mynasyp goşandymyzy goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr!

Aknur ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň
uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok