DÖWRÜMIZIŇ WE DÖWLETIMIZIŇ ŞAN-ŞÖHRATY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan indi 30 ýyl bäri özbaşdaklygyny, döwlet berkararlygyny uludan baýram edýär. Biz türkmen jemgyýetiniň taryhynda ozal görlüp-eşidilmedik, hiç hili nusgasy bolmadyk taryhy pursady başdan geçirýäris. Mähriban türkmen halkymyza maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge giň mümkinçilik beren Garaşsyzlygymyz beýik döwrüň beýik işlerine mynasyp başlangyç boldy.

GARAŞSYZLYK – döwlet hökmünde ykrar edilmekdir.

GARAŞSYZLYK – ata-babalarymyzyň, merdana pederlermiziň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysal bolup, bütin Ýer ýüzüne dabaralanmasydyr.

GARAŞSYZLYK – geçmişde 70-den-de gowrak uly-uly döwletleri döretmegi başaran türkmen halkynyň milli buýsanja beslenen synmaz ruhunyň dünýä çykmagydyr.

GARAŞSYZLYK – döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhratydyr.

GARAŞSYZLYK – dana atamyz Magtymguly Pyragynyň:

«Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy»
– diýen parasatly öňdengörüjiliginiň hakykat ýüzünde wysal tapmasydyr.

Döwlet Garaşsyzlygy bize, sözüň doly manysynda, milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arassa arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň esasy bolup durýar.

Dünýä jemgyýetçiligi biziň ata Watanymyzy binýadyny berkden tutulan Berkarar döwlet, mähriban halkymyzy bolsa, berkarar döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary hökmünde tanaýarlar. Bu zatlaryň ählisiniň başlangyjynda şanly Garaşsyzlygymyzyň ynamly ädimleri bardyr.

Tirkeş JUMADURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok