Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi pugtalanýar

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň binýadynda parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan ýurdumyzyň dünýä jemgyýetindäki abraýy has-da pugtalanýar.

      Ýurdumyzda belent maksatlar bilen başy başlanan ýylymyzyň başynda gurluşyk işleri tamamlanan üç sany iri desganyň   Akina  – Andhoý (Owganystan) menzilleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlary gurlup ulanylmaga berildi. Bu bolsa, ýurdumyzyň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

      Geçen döwürlere ser salsak, ýagny Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesiniň Kerki – Ymamnazar – Akina böleginiň ilkinji nobatdakysynyň gurluşygy 2016-nji ýylda tamamlanypdy. Transmilli ýoluň bu böleginiň umumy uzynlygy 88 kilometr bolup, onuň 85 kilometri ýurdumyzyň çäginde, galan 3 kilometri bolsa Ymamnazar we Akina serhetýaka nokatlarynyň arasynda ýerleşýär.

     Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, 2019-njy ýylda ýurtlaryň arasynda ulag we logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Akina – Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna  badalga berildi. Uzynlygy   30 kilometre barabar bolan bu polat ýol iki goňşy döwletiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegine, daşalýan ýükleriň möçberiniň köpelmegine, bu ugurlarda iş alyp barýan hojalyk subýektleriniň girdejileriniň artmagyna döredilen giň mümkinçilikleriň biridir.

      Bu döwrebap taslamanyň amala aşyrylmagynyň netijesinde, Akina – Andhoý demir ýolunyň ugrunda,  ugurdaş gara ýollarynyň, konteýner terminallarynyň, halkara ýük daşamalarynda sanitar howupsyzlygyny üpjün edýän zyýansyzlandyryjy germewleriň we beýleki kömekçi desgalaryň gurulmagy, ýükleri daşamakda howupsyz we netijeli usullaryň biri bolup durýar.        

     Bulardan başga-da, Türkmenistan we Owganystan ýene-de bir iri ulag taslamasyny amala aşyrmaga, ýagny uzynlygy 173 kilometre deň bolan Turgundy – Hyrat  demir ýolunyň gurluşygyna girişdiler. Akina – Andhoý we Turgundy – Hyrat demir ýollaryna täze logistika ugurlarynyň goşulmagy bilen, Hazar deňzinden Hindi ummanyna çenli uzap gidýän halkara ulag geçelgesiniň möhüm halkalary hökmünde öňe çykýar.       

     Şeýle- hem, güýjenmesi 500 kilowat bolan Kerki – Şibirgan ugru boýunça elektrik geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi, goňşy döwletiň elektrik üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynda özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde bu ugurlarda iş alyp barýan hojalyk subýektleriniň girdejileriniň köpelmegine şert döredýär.

      Ymamnazar – Akina hem-de Serhetabat – Turgundy halkara üstaşyr akymlaryny üpjün etmek üçin optiki-süýmli aragatnaşyk ulgamlaryň işe girizilmegi ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulgam trafigini artdyrmaga, onuň Owganystana we Pakistana iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Halkara desgalaryň ulanylmaga berilmegi goňşy döwletiň senagat we durmuş üpjünçiliginiň kämilleşdirilmegine, Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň hem-de olara ýanaşyk ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam edýär.

       Şeýle iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň BMG-niň Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň hem-de olara ýanaşyk ýurtlaryň abadançylygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen uzakmöhletleýin strategiýasynyň amala aşyrylmagynda ähmiýeti uludyr.

Şeker Dygyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok