Ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem örän uly oruny bardyr.
Ýangyç-energetika pudagy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, bu ugra goýulýan maýa goýumlary çäksizdir. Her ýylda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly forumynyň geçirilmegi hem, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bimöçberdigi we bu ugurlara çekilýän maýa goýumlaryň ýurdumyzda özleşdirilşine doly aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmaga gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegini, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, bu ugurda durmuşa geçirilýän möhüm işleriň biri bolup durýar. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen iri senagat desgalarynyň gurluşygyna aýratyn uly üns berilýär.
Milli liderimiziň ýaňy ýakynda Ahal welaýatynda gurlan iri döwrebap senagat toplumynyň – tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyna barmagy we onuň işi bilen tanyşmagy hem-de bu zawodyň ikinji nobatdakysynyň gurulmagy bilen bagly pikir alyşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyz sebitiň iri ýangyç-energetika pudagy babatynda uly maýa goýum taslamalaryny özleşdirýär.
Bu möhüm maýa goýum taslamalaryň ýangyç-energetika pudagynda yzygiderli özleşdirilmegi, ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädimleriň biridir.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilen ýylynyň ilkinji günleri şanly wakalara, ajaýyp pursatlara beslendi.
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Malaý” gaz känindäki täze gaz çykaryjy desga açylyp ulanylmaga berildi. Bu waka ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüşiň, ählumymy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.
Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesidir, bu syýasat döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Ykdysadyýetiň iri toplumlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyna eziz Watanymyzy döwrebap sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny giňeltmek boýunça iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ornyň degişlidigini bellemelidiris.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan, ýurdumyzy ýakyn geljek üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de onuň möhüm düzüm bölegi bolan ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn ösdürmek baradaky strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, onuň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat etjekdigi munuň aýdyň mysalydyr.
Dünýägözel Amangulyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy
Teswirler