Özbegistanyň Daşary işler ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi

26-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Özbegistanyň Daşary işler ministri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Geçirilen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky köptaraply döwletara gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok