Ätiýaçlandyrmak işinde döwrebap hyzmatlar ösdürilýär

Ätiýaçlandyrmak işi munuň özi fiziki şahslaryň we hojalyk subýektleriniň, olaryň ätiýaçlandyrmak bilen bagly zerurlyklary ýüze çykanda, bular babatyndaky pul möçberlerini tölemekdir.

       Ýurdumyzyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan döwrebap hödürlenýän hyzmatlaryň biri hem, bank edralary tarapyndan ilata berilýän dürli görnüşli karzlaryň üzülmezlik töwekgelçiliginiň meýletin ätiýaçlandyrmak işiniň görnüşidir.

       Ätiýäçlandyrmak işiniň bu görnüşi bank edaralary bilen şertnamalary baglaşylyp, karz alyjylaryň şertnamasyna laýyklykda, bank edaralarynyň öňündäki karzlarynyň üzülmezlik töwekgelçiligi ýüze çykanda, ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýär. Ätiýaçlandyrmak işi karz şertnamasynyň möhletine görä baglaşylyp bilner. Bank edaralaryndan karz alýan müşderi tarapyndan, onuň baglaşylan şertnamasynyň möhleti tamamlanýan senesinde banka alan karz bergisini doly gaýtaryp bermedik ýagdaýy ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar. Ätiýaçlandyryş işine ygtyýarly gurama tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberi boýunça şertnama baglaşylanda, bank edaralary bilen ylalaşylyp, müşderileriň karz şertnamasynda görkezilen karz pul serişdesiniň möçberinden ýokary bolmadyk möçberinde bellenilýär.

      Ätiýaçlandyryş gatançlary ätiýaçlandyryş pul we nyrh möçberlerinden ugur alnyp kesgitlenýär hem-de nagt däl hasaplaşyk arkaly tölenilýär hem-de bu babatynda şertnama baglaşandygyny tassyklaýan şahadatnama berilýär.

     Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, hökmany we meýletin ätiýaçlandyryşyň görnüşleri bolup, ätiýaçlandyrmak işiniň bu görnüşi meýletin ätiýaçlandyrmak işi bolup durýar. Meýletin ätiýaçlandyrmak işiniň görnüşleri ätiýaçlandyryjylar tarapyndan özbaşdak kesgitlenip, baglaşylýan şertnamalar esasynda amala aşyrylýar.

      Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde banklar tarapyndan müşderilere berilýän karz serişdelerini ätiýaçlandyrmak işi, olaryň emläk bähbitlerini haýsy hem bolsa bir garaşylmadyk, howply ýa-da durmuş derejesini peseltmäge ukyply tötänleýin hadysalardan, töwekgelçilikden gorap biljek gural hökmünde göz öňünde getirmek mümkindir.

     Şu nukdaýnazaryndan, ätiýaçlandyrmak işiniň esasy wezipeleriniň biri hem, bu ugurlardaky döwrebap hyzmatlarynyň görnüşleriniň has-da kämilleşen ugurlaryny fiziki şahslara we hojalyk subýektlere hödürlenmegi bilen, ygtyýarly guramalar tarapyndan bu işe gatnaşyjylara ätiýaçlandyrmagyň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan we ätiýaçlandyryş üpjünçiligini amala aşyrmakdan ybaratdyr.

     Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde we bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagynda hem-de ätiýaçlandyrmak hyzmatlary babatynda alnyp barylýan işlere ätiýaçlandyryş guramalarynyň işjeň gatnaşmagynyň netijesinde, göz öňünde tutulýan işleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm hil netijesini üpjün edýär.

Ogulbagt Gurbanmuhammedowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet

we dolandyryş institutynyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok