Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Ak –şäherim Aşgabadyň 140-ýyllyk şanly toýyň öňüsyrasynda «Ussadyň döredijilik gözlegleri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitap TDÇA-nyň “Amaly- haşam sungaty” fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş” kafedrasynyň uly mugallymy Orazgözel Utomyşewa tarapyndan ýerine ýetirildi.
Bu kitap ak mermere beslenen Aşgabadyň gözel keşbiniň bezeginde ajaýyp heýkel eserleri bilen öz mynasyp goşandyny goşan Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň il ýaşulusy, ussat heýkeltaraş, halypa mugallym Saragt Babaýewiň döredijiligine bagyşlanýar. Türkmenistanyň heýkeltaraşlyk sungatynyň ösüşinde ähmiýetli orun tutýan ussadyň köpugurly döredijilik aýratynlyklaryny, ýagny monumental, stanok, haşam we kiçi göwrümli heýkelleriň awtory hökmünde tanalýan suratkeşiň dürli ýyllardaky eden döredijilik gözlegleriň netijeleri bu kitapda jemlendi. Neşirde esasan Saragt Babaýewiň täsin wakalar, dürli ýatlamalar, ýakymly pursatlar bilen baglanyşykly döreden taslama heýkelleri barada maglumtlar ýerleşdirildi hem-de heýkeltaraşyň taryhy, durmuşy we hyýaly pikirlere esaslanyp ýerine ýetirilen eserlere sungaty öwreniş we edebi şynaslyk tarapyndan synlar berildi.
Kitabyň tanyşdyryş dabarasyna ýokary okuw jaýynyň halypa mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. Çykyş eden mugallymlar kitabyň türkmen heýkeltaraşlyk sungatyny öwrenmekde ähmiýetliligini we ýaş sungaty öwrenijiler hem-de sungat muşdaklaryna peýdaly gollanma boljakdygyny belläp, awtora täze döredijilik üstünlikler arzuw edildi!
Aýjan Kadyrowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri
Teswirler