Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara uniwersal sergä “Coca-Cola Bottlers” hojalyk jemgyýeti özüniň önümleri bilen gatnaşdy.
Türkmenistanyň çäginde «Coca-Cola» kompaniýasynyň resmi şahamçasy hökmünde 1998-nji ýyldan bäri işleýär. Ýeri gelende aýtsak, «Coca-Colanyň» Ýer ýüzünde 11 müňden gowrak zawody bar. Esasy öndürýän önümleri «Coca-Cola Classic», «Coca-Cola Şekersiz», «Fanta Mandarin» we «Sprite».
Kärhananyň baş direktoryň kömekçisi Ogulsuraý Kömekowa bilen söhbetdeşligiň dowamynda ol bize şeýle gürrüň berdi:
Biziň önümlerimiz ýarym we bir litrlik plastik gaplarda öndürilýär. Ilatyň içinde «Coca-Cola Classic» has meşgurlyga eýedir. Häzirki wagtda «Coca-Cola Şekersiz» görnüşine hem islegi artdyrmak boýunça işleri alyp barýarys. Mälim bolşy ýaly, amerikan kompaniýa «Coca-Cola Şekersiz» görnüşini öndürmek üçin onuň üstünde 5 ýyl işledi. Önümiň reňki we tagamy «Coca-Cola Classic» bilen meňzeş bolup, esasy aýratynlygy onuň berhizlikdäki adamlara hem elýeterli bolmagydyr.
Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby
Teswirler