“Aşgabat city”döwrebap şäheriň düýbi tutuldy

Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat  şäheri dünýä derejesindäki ösüşlere eýe bolýar. Ak şäher Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygy şanly toýunyň bellenilýän gününde Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň  taryhynda şöhratly waka, täze binalardyr desgalary özünde jemleýän şäher “Aşgabat city”-nyň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ak pata berdi.

240-den gowrak binalardyr desgalardan ybarat bolan ägirt uly toplumyň gurulmagyna bölünip berlen ýeriň umumy meýdan 744 gektara barabardyr. “Aşgabat city” atly täze döwrebap şäherçede dürli belentlikdäki 12 gatdan 35 gata çenli ýaşaýyş jaýlarynyň 8 sany görnüşlisi bolup, olaryň 180 sanysyny gurmak meýilleşdirilýär we şolardaky öýleriň sany 17836 bolar, täze ýaşaýyş jaý toplumynda guruljak dörebap ýaşaýyň jaýlaryň sany 107000-den gowrak ilata niýetlenendir.

Ýakyn ýyllaryň dowamynda paýtagtyň demirgazygynda dolandyryş binalaryň, hyzmat ediş ulgamynyň edaralarynyň, çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň, medeniýet öýüniň, stadiýonyň,bank şahamçalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, saglyk öýleriniň, köpugurly hassahananyň, konserwatoriýanyň we sazçylyk mekdebiniň döwrebap binalarynyň, medeni durmuş maksatly desgalaryň toplumlary we köpgatly awtoduralganyň gurulmagy bilen, “Aşgabat-Siti” sanly tehnologiýalar we intellektual ulgamlar esasynda “akylly” täze döwrebap şäher peýda bolar.

Wepa Iljanow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok