Aşgabat – Albukerke doganlaşan şäherleriň gatnaşyklarynda täze sepgitler

Kabul (Owganystan Yslam Respublikasy), Baku (Azerbaýjan Respublikasy), Albukerke (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), Pekin we Lançžou (Hytaý Halk Respublikasy), Tendo (Ýaponiýa), Ankara we Stambul (Türkiýe Respublikasy), Daşkent (Özbegistan Respublikasy), Nur-Sultan (Gazagystan Respublikasy), Bişkek (Gyrgyz Respublikasy), Moskwa, Sankt-Peterburg we Astrahan (Russiýa Federasiýasy), Wena (Awstriýa Respublikasy), Kişinýow (Moldowa Respublikasy), Ýerewan (Ermenistan Respublikasy) – bularyň ählisi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleri.

Bu günki ady Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna 11 gezek Türkmenistanyň baş şäheri özüniň 140 ýyllyk toýunyň dabaralaryny dostlary, doganlary bilen tutdy. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 1990-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat bilen resmi taýdan doganlaşan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Meksika ştatynyň Albukerke şäheri görkezmek bolar.

Şeýle hem ýaňy ýakynda Albukerke şäkeriniň häkimi Timoti M.Kelleriň karary esasynda 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde 140 ýyllygyny belleýän «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi, iki şäheriň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalanjakdygynyň aýdyň şaýadydyr. Bu çäre bagyşlanyp Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 24-nji maýda «tegelek stoluň» başynda maslahat geçirildi.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok