Türkmenistan halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeldýär. Şonuň bilen hatarda Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar.
24-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Saule Tlewlesowa bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň web sahypasynda habar berilýär.
Saýtda habar berilmegine görä, taraplar Türkmenistan bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň barşynda Ýewraziýa Patent Konwensiýasiýasyna goşulan ilkinji döwletdigi nygtaldy.
Türkmen tarapy wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda döwletiň hususy eýeçiliginiň obýektlerini goramak boýunça kanunçylyk binýadyny ösdürmek, we onuň halkara kanunçylyga laýyk gelmegini maksat edinýän işleriň durmuşa geçirilmegi baradaky alnyp barylýan çäreleri beýan etdi.
Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurtda intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramagy üpjün etmegiň meseleleri boýunça Pudagara topar döredildi. Türkmenistan senagat pudagynda halkara patent ulgamyna birleşmegi dowam edýär we ol esasy halkara klassifikasiýany esaslandyrýan şertnamalaryň birnäçesine goşuldy, diýip saýtda habar berilýär.
GURBANMYRADOWA Aýjahan
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň mugallymy
Teswirler