“Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly sergä gatnaşýan hususyýetçilerimiziň biri “Röwşen” hususy kärhanasydyr. Biz hem serginiň dowamynda “Röwşen” hususy kärhanasynyň harytlary ýerlemek bölüminiň müdiri Wekil Allaberdiýew bilen söhbetdeş bolduk:
– 2003-nji ýylda Mary şäherinde esaslandyrylan “Röwşen” hususy kärhanamyz köwüş önümçiligi bilen alyjylaryň arasynda özüni tanatmagy başardy. Aýakgaplaryň 100 göterim deriden, saglyk üçin oňaýly, geýmäge rahat, ykjam, rahat bolmagy olara bolan islegi barha artdyrýar. Aýakgaplaryň daşky bölegi iri şahly mallaryň derisinden, içki bölegi bolsa ownuk mallaryň derisinden taýýarlanylýar. Daban bölegi bolsa Italiýa, Türkiýe ýaly ýurtlardan getirilýär. Häzirki wagtda kärhanada 200-den gowrak işgär zähmet çekip, her aýyň dowamynda 15 müňe golaý aýakgap öndürilýär. Bu hususy kärhanada işgärleriň erk edýän enjamlary Italiýa, Türkiýe, Germaniýa ýaly ýurtlaryň önümleri hasaplanylýar. Şeýle-de biziň hususy kärhanamyzda daşary ýurtly raýatlar hem zähmet çekýär. Bu bolsa biziň olar bilen tejribelerimizi paýlaşmagymyza itergi berýär. “Röwşen” hususy kärhanamyzda öndürilýän aýakgaplar Russiýa Federasiýasy, Gazagystan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Owganystan Yslam Respublikasy ýaly ýurtlara eksport edilýär.
Biziň hususy kärhanamyzda 3 bölüm hereket edýär. Olar biçimçilik, tikinçilik we galypçylyk bölümleri bolup durýar. Ilki bilen “Maksat deri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan çig mal hökmünde deri taýýarlanylýar. Soňra “Röwşen” hususy kärhanasynda taýýar deri biçilýär, tikilýär, galyplanýar we gelşikli gaplarda ýerleşdirip, ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradylýar. Häzirki wagt “Röwşen” aýakgaplarynyň ýurdumyza 30-dan gowrak dükany hereket edýär. bu hususy kärhananyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlan toý sowgatlarynyň esasy öň diňe erkek adamlaryň köwüşlerini öndürýän bolsa, indi zenanlara we çagalara niýetlenen aýakgaplaryň hem önümçiligine başlanmagydyr. Biz köwüşleri buýurmalar boýunça islendik ölçegde, islendik pasla görä, islendik reňkde hem tikip berýäris. Şeýle-de ýurdumyzyň dürli pudaklarynda harby gullukçylar, senagat işgärleri, saglygy goraýyş, nebit-gaz pudagynda zähmet çekýän raýatlarymyz üçin hem köwüşleri dikip berýäris.
Biz geljekde hem halkymyzyň islegini kanagatlandyryp, Türkmenistanyň çaginde giň assortimentli aýakgaplaryň we gaýyş önümleriniň görnüşlerini has artdyrmagy we hususy kärhanamyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmagy maksat edinýäris.
Söhbetdeş bolan:
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler