“Mähirli zenan” baýramçylyk sergisinde

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň dürli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergisi öz işine başlady. Bu sergi ýurdumyzyň merjen şäher Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu sergide ýurdumyzda dürli ugurlarda zähmet çekýän telekeçileri, hususy kärhanalar, täjirçilik birleşmeleri öz işleri bilen çykyş edýär.

“Mähirli zenan” modalar öýi hem şanly sene mynasybetli geçirilýän sergide özüniň el işleri bilen gatnaşýar. Serginiň barşynda modalar öýiniň tikinçi hünärmeni Ogulşat Nuryýewa bilen söhbetdeşlik alyp bardyk.
-Ogulşat nuryýewa “Mähirli zenan” modalar öýi barada gürrüň beräýseňiz!
– “Mähirli zenan” modalar öýimiz köp wagtlardan bäri öz işini dowam edip gelýär. Biziň modalar öýimizde birnäçe eli çeper aýal-gyzlar zähmet çekýär. Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän sergilere özümiziň täze-täze el işleri bilen modalar öýüniň adyndan çykyş edýäris.

-Aşgabadyň 140 ýyllygyna nähili baýramçylyk sowgatlary bilen geldiňiz?
– Bu günki baýramçylyk sergisine täze el işlerimiz bilen geldik. Gadymy ene-mamalarymyzdan gelen el işlerini kämilleşdirip, döwrebap öwüşgine çaýmak arkaly täze el işlerini döretdik.

-Bu günki serginiň siziň işiňizdäki ähmiýeti barada gürrüň beräýseňiz!
– Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan bu sergi halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Elbetde, biz hem öz el işlerimizi ýurdumyzyň dürli künjeklerine tanatmakda bu serginiň uly ähmiýeti bardyr. Biziň bu günki getiren el işlerimiz täze, hiç ýerde görkezilmedik bolup durýar. Bu bolsa sergide modalar öýiniň alyp barýan işiniň gyzgyny bilen halka ýetirmekde onuň uly ähmiýete eýedigini görlezýär. Şu pursatda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ähli türkmen halkyny gyzgyn gutlaýaryn. Goý, biz telekeçilere şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

– Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň Ogulşat Nuryýewa. Biz hem sizi ýetip gelen baýramçylyk mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys, işiňizde üstünlik hemra bolsun!

Hatyja Döwletnazarowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok