“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Paýtagtymyzda ilkinji 1981-nji ýylda neşir edilen «Хроника истории Ашхабада» («Aşgabadyňtaryhynyň sene ýazgysy») atly kitapda Aşgabadyň taryhynyň şu döwri boýunça şeýle maglumatlar getirilipdir:Aşgabadyň ady şäher hökmünde1882-nji ýylyň resminamalarynda ilkinji gezek agzalýar. Şäheriň ilat sany çalt köpelýär. Bu şähere Russiýanyň dürli künjeklerinden täjirler, kawkazly hünärmenler, eýranly söwdagärler we senetkärler göçüp gelýärler. Şäherde rus, ermeni we pars mähelleleri döreýär.
1883-nji ýylyň awgustynda russiýaly täjir doganlar Konşinler Aşgabat-da söwda merkezini we ammarlaryny açypdyrlar. Şol ýylyň 6-njy sentýabrynda Moskwadan söwda kerweni gelipdir.1884-nji ýylyň 21-nji awgustynda Aşgabatda ilkinji hususy dermanhana açylypdyr. 1885-nji ýylda Hazaryň kenaryndan gaýdan demir ýol Aşgabada gelip ýetýär. 1887-nji ýylda ilkinji çagalar bagynyň guramaçylyk işleri başlanýar. 1889-njy ýylda Aşgabatda 750 sany jaý bar eken. 613 sany galantereýa we bakgalçylyk, 41 sany çörek, et we beýleki önümler dükany, 121 sany senetçilik ussahanasy, 15 naharhana, 2 myhmanhana, 33 kerwensaraý, 2 sany mineral suw zawody, 22 kerpiç zawody, 7 sany hek öndürýän zawod, 1 gön eýleýän zawod, 1 sabyn zawody, 9 sany rus we pars hammamy, 1 çaphana bolupdyr. Zawodlar az sanly işçileriň el güýji arkaly ýarym hünärmentçilik usulynda işledilipdir. 1893-nji ýylyň 2-nji martynda hususy jaýlaryň birinde şäher hassahanasy ýerleşdirilýär.
1895-nji ýylyň 5-nji maýynda Zakaspiý oblast jemgyýetçilik kitaphanasy açylýar. Bu kitaphana şol döwürde ululygy boýunça Orta Aziýada ikinji orunda durupdyr. Şol ýylyň 5-nji sentýabrynda Zakaspiý harby demir ýol edarasynyň ýanynda tehniki demir ýol hünärment mekdebi açylýar. 1899-njy ýylyň martynda Zakaspiý oblast muzeýi (sowet döwründäki ülkäni öwreniş muzeýi) açylýar. Şol ýylda Aşgabada 36579 sany düýe bilen jemi 1000 sany söwda kerweni gelipdir. «Асхабад» gazeti neşir edilip başlanypdyr.
Umuman, Aşgabat kem-kemden ösüp, Zakaspiý oblastynyň ykdysady-edara ediş we medeni merkezine öwrülipdir. Türkmen toponimikasynyň düýbüni tutan alym S.Atanyýazowyň «Türkmenistanyň toponimik sözlügi» atly kitabynda Eýranyň Maşat, Nişapur, Amul, Tähran, Mahu, Behbehan, Firdöwsi, Birjent, Kerman ýaly welaýatlarynda jemi 16 sany Aşgabat atly obanyň bardygy barada maglumat berilýär. Sözlükde A.P.Poseluýewskiniň «Aşgabat» sözüniň gadymy patyşalaryň biriniň adyndan gelip çykýan «aşk» we «abad» (gülleýän ýer, ýurt) sözlerinden emele gelendigi, E.M.Mürzäýewiň «Ashabat» sözündäki «Ash» bölegiň grekleriň hasylyň we bolçulygyň hudaýy bolan Ashartanyň adynyň gysgalan görnüşidigi, W.B.Žmuýdanyň «Aşgabat» sözüne «Söýginiň, salkynlygyň, bolçulygyň şäheri» diýip düşündiriş berýändigi baradaky pikirleri beýan edilýär. Şeýle hem sözlükde bu sözi«yşkyň şäheri», «söýginiň şäheri» diýip düşündirýän ýazyjy-şahyrlaryň hem bardygy aýdylýar.
Wepa Iljanow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby
Teswirler