«Akylly şäher» taslamasy halkara sergide

24-nji maýda  “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýly gününe bagyşlanyp «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergisi geçirildi.

Serginiň  açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Milli Parlamentiň ýolbaşçylary we deputatlary, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen telekeçileri we daşary ýurtly işewürler, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli halkara sergide  «Akylly şäher» taslamasy hem ýerleşdirildi. Paýtagtyň demirgazyk tarapynda guruljak täze şäheriň taslamasy Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Gurluşyk we Binagärlik ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy. “Akylly şäherler” daşky gurşawa zeper ýetirmezden, görkezilen meseleleri şeýle hem adamlaryň oňaýly ýaşamagy, işlemegi we bilim almagy üçin döwrebap şertleri döretmek bilen bagly meseleleri göz öňünde tutýar.

 “Şäher içinde şäher” taslamasynyň meýdany 744 gektara deň bolup, 200-den köp bina ýerleşdirilen.gurulmagyna taýynlyk görülýän “Aşgabat siti”-de 12 we 35 gat aralygyndaky ýaşaýyş jaýlaryň, 180-den 107 müň raýatyň ýaşamaklary üçin mümkinçilik dörediler. “Aşgabat siti” taslamasy 3 müň sany okuwça niýetlenen dört orta mekdebi, 1 müň 200 sany çaga niýetlenen 4 sany m ekdebe çenli çagalar bagyny, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň binasyny öz için alar. Täze şäheriň merkezinde ýerli binagärligiň nusgasy hökmünde “Ak öýi” ýerleşdirerler. Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek guruljak 30 we 35 gatly binalaryň seýsmiki hadysalara çydamly bolmagy üçin aýratyn tehnologiýanyň üstünde işleniler.

Bu taslamada Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini hem-de dürli pudaklaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň  zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylýandygyny görkezilýär. Zehinli binagärleriň özboluşly pikirleri olaryň döredijilik işlerinde öz beýanyny tapýar.

Gurbangül ANNAÝEWA,  
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok