“Abadan haly” halkara uniwersal sergide

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XX  halkara uniwersal sergä “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem özüniň önümleri bilen gatnaşdy.

“Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2016-njy ýylyň 16-njy fewralynda Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açyldy. Kärhana polipropilenden ýüplük, haly önümlerini, halyny öndürýär. Biz “Abadan haly” kärhanasynyň marketing bölüminiň uly hünärmeni Baýram Ýegjanow bilen söhbetdeşligimiziň dowamynda ol bize şeýle gürrüň berdi:

Häzirki wagtda kärhanada 700 gowrak adam zähmet çekýär. Halylarymyz, haly önümlerimiz we ýüplüklerimiz daşary ýurtlara eksport edilýär we içerki bazary doly üpjün edýär.  Önümlerimiz Gazagystana, Özbegistana, Türkiýä we Owganystana eksport edilýär. Mundan başga-da häzirki wagtda biz täze bazarlary gözleýäris.

Ýüplügi öndürmek üçin ýerli çig mallary ulanýarys. Ýagny, önümlerimiz  Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky polipropilenden öndürilýär. Halylar dizaýner işgärlerimiz tarapyndan  müşderileriň islegine görä öndürilýär.

Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok