“CASH- BACK”- döwrebap bank hyzmaty

     “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýurdumyzda pul dolanşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini has-da giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

    Bular babatynda ýurdumyzyň banklarynyň  durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde, hereket edýän prosessing merkezinde hasaba alnan töleg terminallarynyň we bankomatlarynyň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle hem, ilat köpçüligine hödürlenýän bank kartlarynyň dürli görnüşleriniň sany hem-de “Mobile-bank”, “Internet-bank” bank ýaly hyzmat ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklarynyň möçberleri yzygiderli ösüşe eýe bolýar we banklaryň müşderileri bu sanly döwrebap bank hyzmatlaryndan giňden peýdalanýarlar.

     Şu günki günde giňden peýdalanýan “Goýum bank karty” we “Maşgala bank karty” ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan uly islege eýe bolýar. Bu döwrebap bank hyzmatlaryndan giňden peýdalanmak bilen, özleriniň pul serişdelerini bank kartlaryna goýum görnüşinde goýup, goýan pul seridesiniň möçberini artdyrýarlar hem-de islendik wagty bu bank kartlarynyň üsti bilen nagt we nagt däl görnüşinde töleg amallaryny amala aşyrmak mümkinçiliklerini giňden ulanýarlar.    

      Ýurdumyzyň banklary tarapyndan hödürlenen döwrebap hyzmat,  “Cash-back” bank hyzmatyny hem ilat köpçüligi tarapyndan uly isleg bilen ullanylýar.  

      “Cash-back” – bu hyzmat dünýä tejribesinde soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda kartyň eýesine eden her bir söwda we hyzmat ulgamlarynda  harçlanan puluň möçberine baglylykda bellenilen göterimde puly yzyna gaýtaryp bermek bolup durýar.

      Ýurdumyzyň banklarynda “Cash-back” – döwrebap bank hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän bank hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmek, banklar tarapyndan  müşderileri banka çekmek we olara bu döwrebap bank hyzmaty ýerine ýetirmekde bank edaralary öz aralarynda bäsdeşýärler. Banklar tarapyndan ýurdumyzda hereket edýän dürli görnüşli bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda bank kartynyň eýesine berilýän göterimiň möçberini banklar özleriniň alyp barýan göterim syýasatyna laýyklykda ýerine ýetirýärler.

     Şu günki günde bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda bank kartynyň eýesine berilýän göterimiň möçberi 1-2 göterim aralygyndadyr.

     “Cash-back” – döwrebap bank hyzmatyň ornadyrylmagy, bu ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda we hyzmat ulgamlarynda bäsdeşligiň artmagyna uly itergi berýär hem-de bu bank hyzmatynyň ulanyşa girizilmegi sanly ykdysadyýetiň bähbitli ýollarynyň biri hökmünde bolmagy bilen, alyjylaryň we satyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, müşderilere edilýän döwrebap hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny we olaryň barha kämilleşmegini üpjün edýär.              

Gülbahar Täçgulyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok