“Aşgabat bahary” festiwalynyň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurnan  “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwaly geçirildi. Bu baradaky habary Atavatan Türkmenistan internet habar portaly ýetirýär.

Saýtda habar berilmegine görä, bu festiwalda tomaşaçylara köp sanly çeper film görkezeldi we olaryň arasyndaky iň gowy çeper filmler saýlanyldy. 23-nji maýda, ýagny düýn ýeňijilere baýrak gowşurylyş dabarasy guraldy. “Aşgabat” kinoteatrynda geçirilen dabara artistler, sungat ussatlary, žurnalistler, kino muşdaklary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Atavatan Türkmenistan web portalynyň habaryna görä:

“Aşgabat bahary” kinofestiwalynyň höweslendiriji baýraklaryna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Nowruzgeldi Mollaýew tarapyndan hödürlenen “Umyt” filmi, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň döredijilik topary tarapyndan hödürlenen “Bagt şäheri” filmi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Ýazmyrat Allaberdiýew tarapyndan hödürlenen “Aždarhaly haly” filmi, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy Mekan Gurbanalyýew tarapyndan hödürlenen “Daragt” filmi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Guwanç Nazarow tarapyndan hödürlenen “Bagtyň nury Aşgabat” filmi mynasyp boldy.

  • Eminler toparynyň baýragyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň işgäri Nurýagdy Şyhyýewiň “Meniň kakam”:
  • Iň gowy kinossenariýa eseri baýragyna “Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat”:
  • Iň gowy şekil döreden erkek keşbi baýragyna Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan “Baky juwan Aşgabat” filminiň baş gahrymany Isgender Rejepow:
  • Iň gowy şekil döreden zenan keşbi baýragyna “Meniň kakam” atly filmiň baş gahrymany Enaý Eýeberdiýewa:
  • Iň gowy kinooperatoryň işi baýragyna “Gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşar” filminiň operatory Hanjar Sopyýew:
  • Iň gowy kinorežissýor baýragyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň işgäri Batyr Batyrowyň “Owaz” filmi:
  • Tomaşaçylar tarapyndan saýlanan film baýragyna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş Drama teatrynyň hödürlän “Doglan günüň gutly bolsun, Aşgabat!” filmi ýeňiji boldy.
  • Şeýle hem Baş baýraga Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijilik toparynyň taýýarlan “Meniň kakam” filmi mynasyp boldy

GULYÝEWA Ogulbeg
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
rus dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok